YKDYSADYÝET

Maldarlar gyş möwsümine taýýarlykly barýarlar

 Saýat etrabyndaky «Jeýhun» maldarçylyk hojalygynda mallary dok gyşlatmak üçin görelde alarlyk işler alnyp barylýar. Bu hojalykda gyşky möwsüm üçin otdur iýmiň 5 müň 352 tonnasy taýýarlanyldy. Bu bolsa Lebap welaýatynyň ähli maldarçylyk hojalyklarynda taýýarlanan ot-iýmleriň gylla ýaryna golaýdyr.

Hojalykda häzirki wagtda dowarlaryň 180 müň başa golaýy idedilýär. Maldarlar ýazky we güýzki gyrkym möwsümlerini üstünlikli geçirip, şu günler mallary dok gyşlatmagyň süýji aladalaryna berildiler. Zerur bolan ot-iýmler mallaryň gyşladyljak ýerlerine daşalyp, kaşarlary we ýyly agyllary abatlamak işleri öz wagtynda talabalaýyk geçirildi.

Lebap welaýatynyň ähli maldarçylyk hojalyklarynda ot-iýmleriň 12 müň 595 tonnasy taýýarlanylyp, bu baradaky on aýlyk meýilnama üstünlikli berjaý edildi. Olaryň 201 tonnasy meýdan otlary, 3 müň 220 tonnasy saman, galanlary bolsa gaty baldakly otlardyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: