YKDYSADYÝET

Türkmenistanda öndürilen azyk önümleriniň eksporty artýar

 Daýhanlaryň öndüren önümlerini daşary ýurtlara eksport etmekde «Kiçi gala» hojalyk jemgyýeti hem degişli işleri ýola goýdy. Has takygy, bu kärhananyň hünärmenleri tarapyndan diňe şu ýylyň özünde mäşiň 300 tonnasy, sarymsagyň 41 tonnasy, darynyň ençeme tonnasy daşary döwletlere ugradyldy.

Şeýle hem Gazagystan Respublikasyna üzümiň 70 tonnasyny eksport etmek meýilleşdirilýär. Bu işler ekerançylarymyz tarapyndan ýetişdirilýän önümleriň hil taýdan derejesiniň ýokarydygyna güwä geçýär.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Kiçi gala» hojalyk jemgyýetiniň esasy iş ugry polipropilen haltalary öndürmekde ybaratdyr. Şunuň bilen birlikde, bu kärhana ýerli daýhanlardan şertnama esasynda alnan däneli ekinleriň eksportyny ýygjamlaşdyrýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: