MEDENIÝET

Farap şäher kitaphanasynda kitap sergisi guraldy

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Farap etrap kitaphanasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan kitap sergisi guraldy.

Kitaphananyň işgärleri sergide şahyryň dürli ýyllarda çap edilen goşgular ýygyndylaryny, onuň eserlerine bagyşlanyp ýazylan ylmy we ylmy-populýar eserleri goýdular. Onda Magtymgulynyň döredijiligi bilen gyzyklanýanlar gerekli maglumatlary tapyp bilerler. Sergide goýlan kitaplar bilen şäherdäki orta mekdepleriň türkmen dili we edebiýat mugallymlary, ýokary synp okuwçylary ilkinjileriň hatarynda tanyşdylar.

Bu senä diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, türki ýurtlarynyň ählisinde hem taýýarlyk görülýär. Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ-yň) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýip yglan etdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: