JEMGYÝET

Migrasiýa gullugynyň işgärleri ýaryşdylar

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýat boýunça müdirliginde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Oňa müdirligiň we onuň düzüm birlikleriniň harby gullukçylary gatnaşdylar.

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli guralan bu sport ýaryşlary harby gullukçylaryň baýramçylyk ruhuny has-da artdyrdy. Olar küşt, stoluň üstünde oýnalýan tennis, el göreşi we türkmen milli göreşi boýunça özaralarynda ýaryşdylar.

Ýaryşlaryň ýeňijileri müdirligiň baýramçylyk sowgatlaryna mynasyp boldular.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: