MEDENIÝET

Seýitnazar Seýdiniň ýadygärliginiň öňünde şygryýet çeper okaýyşlary geçirildi

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Lamma obasyndan uzak bolmadyk ýerde oturdylan Seýitnazar Seýdiniň ýadygärliginiň öňündäki meýdançasynda ýurdumyzyň şahyrlarynyň «Belent waspyň dilde dessan, Arkadagly Türkmenistan!» atly şygryýet çeper okaýyşlary geçirildi.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradow, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgärleri, şahyrlar Akmyrat Rejebow, Nurgözel Gozlyýewa, Agamyrat Soltanow, Annatuwak Kakaýewa, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi Agalyýew we beýlekiler özleriniň goşgulayny okadylar.
Soňra teatrlaşdyrylan çykyşlar guraldy. Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň artistleri Magtymgulynyň, Seýitnazar Seýdiniň, Mämmetweli Keminäniň, Gurbanaly Magrupynyň, Gurbandurdy Zeliliniň, Mollanepesiň, Annagylyç Mätjiniň keşplerine girip, olaryň goşgularyny okadylar.
Bu ýerde bagşylar hem-de folklor topary hem çykyş etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: