YKDYSADYÝET

«Hojaly» hojalyk jemgyýetinde konditer önümlerini öndürip başladylar

Mary şäherindäki «Hojaly» hojalyk jemgyýetinde şu ýylyň ilkinji günlerinden «Kilwan» haryt nyşanly dürli görnüşli konditer önümlerini öndürip başladylar.

Bu ýerde öndürilýän konditer önümlerine «Wasp», «Kesp», «Has», «Rende», «Altyn däne», «Pasyllar», «Seýrana» ýaly atlar berilýär. Önümler söwda nokatlaryna göze gelüwli, owadan gaplarda iberilýär. Olar ýokary hilliligi, tagamy, ekologiki taýdan arassalygy bilen alyjylary özüne çekýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: