MEDENIÝET

Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň sahnasynda «Gül-Bilbil» operasy

Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Gül-Bilbil» operasynyň ilkinji görkezilişi. Medeniýet günleriniň çäklerinde görkezilen eseriň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda täzeden sahnalaşdyrdylar.
Abdylla Şabendäniň ady bir dessanynyň esasynda «Gül-Bilbil» taýýarlanylan operanyň sazyny Türkmensitanyň halk artisti Hudaýnazar Amangeldiýew, librettosyny Türkmensitanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow ýazdy. Ony Türkmensitanyň sungatda at gazanan işgäri Aýnazar Batyrow sahnadalaşdyrdy.
«Gül-Bilbil» operasysyndaky partiýalaryň ählisini diýen ýaly Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarydyr mugallymlary ýerine ýetirýärler. Onuň dirižýory hem şu okuw jaýynyň 3-nji ýyl talyby Döwletmämmet Ökdirowdyr.
Esasy partiýalary Leýli Ökdirowa (Gül), Türkmensitanyň halk artisti Atajan Berdiýew (Bilbil), Türkmenistanyň Prezidentiniň döredijilik işgärleriniň arasynda yglan eden «Altyn asyr» bäsleşiginiň baýragynyň eýesi Begenç Gaýypow (Nasyr şa), Türkmensitanyň at gazanan artisti Bibi Amanowa (Bilbiliň ejesi) dagy ýerine ýetirýärler.
Soňra Türkmenabat şäherindäki «Bitaraplyk» seýilgähindäki «Türkmeniň toý döwresi» meýdançasynda Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: