JEMGYÝET

Ertir Oraza aýy başlanar  

Ertir ― 23-nji martda hijri-kamary hasaby bilen Oraza aýy başlanýar. Türkmenistanyň müftüligi tarapyndan düzülen aýyň senenamasyna laýyklykda, Oraza aýynyň ilkinji gününde Lebap weaýatynda ir sagat 04:56-da agyz beklenilip, agşam 19:07-de açylar.

Günüň dowamlylygyna görä, welaýatda agyz beklenilýän wagty aýyň ahyryna çenli 40 minutdan gowrak öňe, açylýan wagty bolsa 30 minut çemesi yza süýşer. Has takygy, agyz beklenilýän iň soňky günde ― 20-nji aprelde Lebap welaýatynda ir sagat 04:12-de agyz beklenilip, oraza tutýanlar 19:33-de agzyny açar.

Şu ýyl Gadyr gijesi 18-nji aprele, Oraza baýramy bolsa 21-nji aprele ― hepdäniň anna gününe düşer. Oraza baýramynyň Türkmenistanda milli baýram derejesinde bellenilýändigini ýatladýarys.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: