JEMGYÝET

Türkmenabat şäherinde geçiriljek Halkara festiwalyna bagyşlanan sergi açyldy

Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Milli mirasymyz — müdimi senedimiz» atly sergi açyldy. Onda el işleri, milli geýim-gejimler, zenanlaryň şaý-sepleri, haly we haly önümleri, gadymy zähmet gurallary goýuldy.

Üstümizdäki ýylyň oktýabr aýynda «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» diýen at bilen Türkmenabat şäherinde geçiriljek Halkara festiwalyna bagyşlanan serginiň açylyş dabarasyna bilim, medeniýet işgärleri, mirasy öwrenijiler, ýaş nesliň wekilleri işjeň gatnaşdylar. Onda çykyş edenler milli senetçiligimiziň öz köklerini gadymyýetden alyp gaýdýandygyny, häzirki döwürde täze röwüşde baýlaşdyrylýandygyny nygtadylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: