Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň Medeniýet merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli kabul edişlik boldy.

Oňa kümüş saçly eneler, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda we medeni-durmuş ulgamynda zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlar, «Ene mähri» diýen hormatly adyň eýesi bolan zenanlar gatnaşdylar. Şeýle atlar Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen sekiz we ondan köp çagany dünýä indiren we terbiýeläp ýetişdirilen enelere her ýyl dakylýar. Bu gezek Lebap welaýatyndan eneleriň 44-si şeýle ada mynasyp boldy. Olara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ter gül desseleri we sowgatlar gowşuryldy. Welaýatyň sungat ussatlary bolsa ýygnananlary belentden ýaňlanan aýdymlary we ruhy göteriji tanslary bilen gutladylar.

Baýramçylygyň öň ýanynda welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, welaýat, şäher we etrap kitaphanalarynda, welaýat çagalar kitaphanalarynda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan sergiler guraldy. Olaryň hormatyna şowhunly dabaralar guraldy. Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň artistleri bolsa welaýatyň sungat işgärleri bilen bilelikde baýramçylyga şowhunly konsert taýýarladylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: