TÜRKMENISTAN HABARLARY

Zenanlaryň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda dürli «Kesbi-kärim nesillere görelde» ady bilen bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden bäsleşiginiň etrap tapgyryna dürli ulgamlarda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölümi hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan guralan çärede etrapdaky 28-nji orta mekdebiň şekillendiriş sungaty dersiniň mugallymy Ogulnur Öräýewa ýeňiji diýlip ylgan edildi. Ol bäsleşige özüniň döreden heýkeltaraşlyk eserleri bilen gatnaşdy.
Birinji, ikinji we üçünji orunlary eýelänlere guramaçylar tarapyndan gymmat bahaly baýraklar, gatnaşyjylara bolsa ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply