YLYM WE TEHNIKA

Täze saýýarany surata düşürmek üçin üç ýyl gerek boldy

Alymlar Ýerden 417 ýagtylyk ýyly aralykda ýerleşýän «2M0437» ekzosaýýarany surata düşürdiler. Ol beýleki ýyldyz ulgamlarynda iň ýaşy hasap edilýär, diýip Keka laboratoriýasynyň saýtynda habar berilýändigi barada «mail.ru» ýazýar.

Alymlar ekzosaýýaranyň Ýupiterden agyrdygyny beýan edýärler. Ol birnäçe million ýyl mundan ozal emele gelipdir. Saýýara şeýle bir ýaş welin, entegem onda ýokary gyzgynlyk — Selsiý boýunça 1100 gradus töweregi — saklanýar.

Ekzosaýýarany birinji gezek 2018-nji ýylda «Subaru» teleskopynda gördüler. Şondan soňky ýyllarda beýik daglardaky teleskoplaryň kömegi bilen ony içgin öwrendiler. Saýýaranyň şekillerini üç ýyllap topladylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: