TÜRKMENISTAN HABARLARY

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň talyplary onlaýn görnüşde geçirilen ylmy-amaly maslahata gatnaşdylar

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary slawýan ýazuwynyň we medeniýetiniň Baýramyna gabatlanyp geçirilen «Rus diliniň kognitiw, kommunikatiw we didaktiki aspektleri» atly daşary ýurtly talyplaryň III ylmy-amaly maslahatyna gatnaşdylar, diýip «turkmenportal» ýazýar.
Onlaýn maslahaty Wolgograd döwlet durmuş-pedagogiki uniwersiteti gurady. Oňa Azerbaýjandan, Germaniýadan, Hytaýdan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Türkiýeden we Özbegistandan 95 talyp gatnaşdy.
Biziň talyplarymyzyň gatnaşmagy Türkmenistanyň Astrahandaky Konsullygynyň goldaw bermegi bilen mümkin boldy.
Gatnaşyjylar Ýewroaziýa giňişliginde rus dilini saklamaga bagyşlanan çäräniň möhümdigini, şonuň ýaly-da onuň ýokary derejede guralandygyny bellediler we ylmy söhbetdeşligi dowam etdirmek üçin ýene-de bir ýyldan Wolgograd döwlet durmuş-pedagogiki uniwersitetinde duşuşmaga isleg bildiridiler. Bu mekdepleriň arasynda toplanan ylmy tejribe bilen paýlaşmaga mümkinçilik berer, ylmy işleriň çägini giňelder we magaryfyň hem-de bilimiň üsti bilen ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge peýda berer.
Çeşme Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty bilen Wolgograd döwlet durmuş-pedagogiki uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky Memorandumyň 2019-njy ýylyň noýabrynda Türkmenistanda geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň meýdanlarynda gol çekilendigini belleýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply