BILIM

Ekologiýa olimpiadasy geçirildi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň guramagynda orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda ekologiýa dersinden internet olimpiadasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň orta mekdeplerinden zehinli okuwçylaryň 105-si gatnaşdy. Şolaryň 28-siniň Lebap welaýatyndaky orta mekdepleriň okuwçylarydygy aýratyn bellärliklidir.

Bäsleşige gatnaşyjylar ekologiýa dersi boýunça sowallaryň 40-syna jogap bermekde we 5 sany meseläni çözmekde öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Netijede okuwçylaryň 7-si birinji, 15-si ikinji, 16-sy bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular. Lebaply mekdep okuwçylarynyň 9-sy baýrakly orunlary eýelediler. Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 11-nji orta mekdebiň okuwçysy Merjen Babajanowa bolsa iň ýokary baha mynasyp boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: