BILIMTÜRKMENISTAN HABARLARY

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ders bäsleşikleriniň döwlet tapgyry geçirildi

Şu gün Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda orta mekdepleriň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşikleriniň döwlet tapgyry geçirildi. «Altyn asyryň altyn zehinleri» ady bilen bilen geçirilýän bäsleşige welaýat tapgyrynda ýeňiji bolan okuwçylaryň 59-sy gatnaşdy.
Ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen onlaýn görnüşde geçirilen bäsleşikde oglanlar we gyzlar 11 ders boýunça berlen ýumuşlary çözdüler.
Mundan birnäçe gün ozal şeýle bäsleşik 10-njy synp okuwçylarynyň arasynda geçirilipdi. Oňa welaýat tapgyrynda öňe saýlanan oglanlaryň we gyzlaryň 50-si gatnaşdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply