JEMGYÝET

BMG-niň Ilat Gaznasy Türkmenabatda maslahat geçirdi

Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we welaýat häkimligi bilen bilelikde welaýat kitaphanasynda maslahat geçirdi. Oňa Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we degişli döwlet edaralarynyň wekilleri, lukmanlar we ýaşlar gatnaşdylar.

2030-njy ýyla çenli reproduktiw saglygy hem-de reproduktiw hukuklary boýunça ählumumy elýeterliligi üpjün etmek maksady bilen geçirilen bu maslahatda degişli hünärmenleriň çykyşlaryna giň orun berildi. Demografik durnuklylygy we gender deňligini üpjün etmek, aýallaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek, maşgalanyň abatlygyny gorap saklamak boýunça aýdylanlar maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Lukmanlar eneligi we çagalygy goramak, sagdyn nesli kemala getirmek, ýetginjekleriň ýaramaz endiklerden daşda durmagyny gazanmak boýunça birnäçe degerli maslahatlaryny beýan etdiler. Şonuň ýaly-da maslahatda göwreliligiň islegli, her bir çaga dogluşynyň howpsuz bolmagy we ýaşlaryň öz mümkinçiliklerini amala aşyrmaklary üçin şertleriň üpjün edilmeginiň zerurdygy barada hem gürrüň edildi.

Maslahata gatnaşyjylar degişli mowzuk boýunça taýýarlanylan wideoýazgylara hem tomaşa etdiler. Günüň ikinji ýarymynda 2006 — 2007-nji ýyllarda doglan oglan-gyzlaryň arasynda sportuň basketbol görnüşi boýunça «Kümüş halka» atly sport ýaryşlary guraldy. Ýeňijiler Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: