BILIM

Türkmenistanyň raýatlary «Çiwning» (Chevening) talyp haky maksatnamasy boýunça Beýik Britaniýada okap bilerler  

Beýik Britaniýada magistr derejesini almak isleýänlerden resminamalaryň kabul edilmeginiň bes edilmegine bir aýdan az wagt galdy.

Ozal biz Beýik Britaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň 2023—2024-nji okuw ýyly üçin «Çiwning» (Chevening) talyp haky maksatnamasy boýunça dalaşgärleri çagyrýandygy barada ýazypdyk. Resminamalar Internetiň arkaly kabul edilýär. Maksatnama Beýik Britaniýanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýär we mugallymlary taýýarlamak we iňlis dilini öwrenmek kurslaryndan başga ugurlar boýunça bir ýylyň dowamynda Birleşen Patyşalykda magistr derejesini almaga mümkinçilik berýär. Talyp haky ulag, şonuň ýaly-da ýaşamak, eklenmek we okamak üçin çykdajylary ýapýar.

Anketalary Internetde 2022-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli doldurmaly we tabşyrylmaly.

Anyk maglumatlary Beýik Britaniýanyň Aşgabatdaky ilçihananyň  https://www.gov.uk/government/world/turkmenistan saýtynda ýa-da Facebook www.facebook.com/ukinturkmenistan Instagram britishhembassyashgabat alyp bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: