BIZE YAZYARLAR

Ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýy gowulandyrylýar

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, dünýäniň belli kompaniýalaryndan dürli görnüşli oba hojalyk tehnikalary hem-de gurallary yzygiderli satyn alynýar, munuň özi işleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegine uly ýardam edýär.

Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy üçin «John Deere» hem-de «CLAAS» kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli, döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň, däne hem-de pagta ýygýan kombaýnlarynyň uly tapgyrlary yzygider satyn alynýar. Ýokary öndürijilikli, dünýä ölçeglerine gabat gelýän oba hojalyk tehnikalarynyň, enjamlarynyň sanynyň artmagy, alnyp barylýan işleriň hiliniň gowulandyrylmagy ekin meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, bol hasyl almak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Şeýle-de oba ýaşaýjylarynyň maddy-abadançylygy, durmuş derejesi ýylsaýyn ýokarlanýar. Durmuş derejesi babatynda türkmen obalarynda döredilýän şertler şäher şertlerine barha golaýlaşýar. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň durmuş maksatly döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Döwletimiz ýurdumyzda suw gorlaryny döretmek, ekin meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, suwaryş ulgamlarynyň geçirijilik kuwwatyny artdyrmak, döwrebap oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak üçin iri maýa goýumlary goýulýar.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň suwarymly ýerlerinden gelýän zeý suwlaryny ýygnamak üçin niýetlenilen «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygynyň taslamasy aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň özi ýurdumyzda daşky gurşawa aýawly çemeleşmegiň aýdyň nusgasyny görkezýär.

Ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakdan başga-da, ýurdumyzda suwuň ätiýaçlyk gorlary döredilip, olar tarp ýerleri özleşdirmek, öri meýdanlaryny giňeltmek, agaç nahallaryny suwarmak we beýleki maksatlar üçin peýdalanylýar.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň okgunly ösüşi, içerki bazarlarda azyk bolçulygynyň üpjün edilişi, oba zähmetkeşleriniň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy ýola goýlup, hususy pudagyň kuwwaty günsaýyn artýar. Bularyň ählisi Arkadagly Serdarymyzyň Garaşsyz türkmen döwletiniň täze galkynyşly döwrüniň badyna bat goşýan giň gerimli özgertmeleriň oňyn netijeleridir. 

Nurjemal AMANOWA,

Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: