Rahatlygyň gönezligi

Birnäçe adamyň işi turuwbaşdan şow alýar, käbir adamyň bolsa işi paşmaýar. Şonda erjel kişiler yhlas bilen üstünlige barýan ýoly agtarýar. Her bir adamda özüniň bilmeýän güýçleri hem bolýar, ol diňe kyn güne düşeninde adama kömege gelýär.

Bir adamyň jaýy ot alýar. Ol adam meýdanda sakçy eken. Öz öýünden çykýan ýalny görüp, sakçy öýüne ylgaýar. Ol obanyň çetinde ýaşaýany üçin öýüniň gapysy, gözenekleri demirden eken. Şol mahal aýaly keselhanada kesel ýatan eken. Çagalary bolsa ýaş eken, olar gorkup, gapyny içinden gulplap ýatypdyrlar. Ýangyn güýjäp başlandan soň, olar oýanýar, emma ala  tüssäniň içinde aljyrap, açary tapyp bilmeýärler. Armaturdan sünnäläp edilen gözenegi aýyrmaly diýen netijä gelýär. Emma ykjam berkidilen polat gözenegi nädip aýyrjak?! Ynha, şol pursatda sakçy gözenegi penjiräniň söýeleri bilen goparyp taşlapdyr-da, çagalarynyň hemmesini ýanýan jaýyň içinden çykarmagyň hötdesinden gelipdir.

Ertesi adamlar sakçynyň sogrup taşlan gözenegini görüp haýranlar galypdyr. Sakçynyň özem haýran galypdyr.

Ol gudrat adamyň göwresinde zerur halaty oýanyp bilýän kuwwatly güýç! Biziň her birimizde adatdan daşary ýoňsuz güýç gizlenip ýatyr, emma biz ondan parahatlyk günleri bihabar.

Amerikada Patrik Dennis atly bir ýazyjy özüniň «Meým daýza jan» diýen romanyny çykardyp bilmän görgi baryny görýär. Ýurduň on ýedi sany neşirýaty onuň ajaýyp romanyny «Mundan roman bolmaz» diýip yzyna gaýtarýar. «Bermezek Taňrydan irmezek awçy alar» diýşi ýaly, Patrik ruhdan düşmän ýazýar hem romanyny dürli-dürli neşirýatlara eltýär. Ahyry şowlulyk ýazyja ýylgyryp bakýar. «Wengarda» neşirýaty romany çapdan çykarýar weli, ol meşhurlyk gazanýar. Onuň nusgasy iki milliona ýetip, ýazyjy millioner hem dünýä meşhur romançy bolýar. Kinoçylar ondan dessine kino etse, teatrlar ony sahnalaşdyrýar…

Şöhratdan: «Seniň mesgeniň nirede?» diýip soranmyşlar. Şöhrat «Meniň mesgenim kynçylykdan aňyrda» diýip jogap beripdir.

Baýlykdan «Seniň mesgeniň nirede?» diýip soranmyşlar. Baýlyk: «Meniň mesgenim garyplykdan aňyrda» diýip jogap berenmiş.

Ýaşajyk bag nahalyny oturdýarlar. Ol ýylyň-ýylyna harasada, tupana, gara, gyşyň çapgyn gaýlaryna döz gelip oturýar. Harasatdyr çapgyn ýeller onuň köküniň berkemegini üpjün edýär. Ol ösdügiçe, ulalyp, gabarasy artdygyça şonça kökleri çuňalyp töweregine ýaýraýar, ýogsam ol gelejekde harasada döz gelip oturyp bilmez.

Demri-de oda salyp, suwa salyp, çekiçläp-çekiçläp taplaýarlar. Durmuş çaýkanyp ýatan ummandyr, onuň gaýlaryna, tupanlaryna, dag ýaly tolkunlaryna döz gelip bilmedik adam açyk deňze-de çykman, ýalpak ýerde mydar eder ýörer.

Almahan Hamraýewa,

Çärjew etrabyndaky 33-nji orta mekdebiň rus dili we edebiýaty mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector