YKDYSADYÝET

Dänewde çalgy ýagy öndürilýär

Dänew etrabynda çalgy ýagynyň önümçiligi ýola goýuldy. Bu önümçiligi şu ýylyň ýanwar aýyndan bäri «Asuda akym» hojalyk jemgyýeti alyp barýar.

Hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasy dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilendir.

Bu ýerde çalgy ýaglaryň onlarça görnüşi öndürilýär. Olaryň hatarynda ýarym sintetik, doly sintetik motor ýaglaryny hem-de senagatda, gidrawlik ulgamda, oba hojalykda ulanylýan we beýleki çalgy ýaglaryny görkezmek bolar. Sintetik motor ýagy ýokary öndürijilikli we ähli pasyl üçin hereketlendiriji ýagdyr.

Bu çalgy ýaglary «Şir ýag» haryt nyşany bilen 1, 5, 20 we 205 litrlik gaplara gaplanylyp, müşderilere hödürlenilýär. Bu önümleriň gaplanylýan plastik gaplary kärhananyň özünde öndürilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: