BIZE YAZYARLAR

Monjuklar

Taryha nazar aýlasak, ir döwürlerde monjuklar gymmatbahaly halat, ýer bölegi, altyn bilen çalşylypdyr. Her hili daşlardan ýasalan monjuklar bilen käbir keselleri hem bejeripdirler. Monjuklar ir döwürlerden bäri türkmen gelin-gyzlary üçin özboluşly mukaddeslik bolup hakydalara siňipdir. Şonuň üçinem olar Aý aýdyň gijeler bir käsä dürli reňkli monjuklary salyp, öz arzuwlaryny goşgy setirlerine geçiripdirler. Monjuklardan biziň günlerimizde hem eli çeper gyzlar senetçilik eserlerini döredýärler.

Bizem dürli  reňdäki monjuklardyr hünjülerden sünnäläp el işlerini döredýän talyp gyzlaryň deň-duşlary üçin nusgadygyny aýratyn nygtasymyz gelýär.  Olar monjuklardan saçbaglary we hünjülerden körpeje gyzjagazlar üçin gulakhalkalary, ýüzükleri, gülýakalary milli äheňde sünnäläp  taýýarlaýar.  Okuwdan boş wagtlary zenan lybaslaryny, başatgyçlary şeýle-de çarçuwanyň içindäki dürli şekilleri monjuklar bilen bezäp, özboluşly gözellikleri döredýärler.

Olar dynç alyş günleri we okuwdan boş wagtlarynda dürli biçüwdäki zenan lybaslaryny monjuklardan we hünjülerden milli äheňdäki  nagyşlar bilen bezeýärler.

Monjuklar zenan zynatyna zynat goşýar. Ýantorbalary, gapjyklary,  alaja bag, aldymgaç bilen bezäp, ujuny gotazlap,  monjuk dakylsa, agramly durýar.  

Gyzlar monjuklary ylaýta-da çaga lybaslaryna gelin-gyzlaryň donlarynyň ýeňsizleriniň baglarynyň, zenanlaryň ýaglyklarynyň pürçüklerine dakýarlar.

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde:

«Lagly-merjen, altyn maksada ýetmiş,

Mekan eýläp, galyp ýaryň boýnundan».

«Zer, tylla-kümüş dükandan, misgine saçmyşam, begler» ― diýen setirler bilen wasp edilýän monjuklar biziň ajaýyp zamanamyzda senetçilik işlerinde hem öz beýanyny tapýar.

Gulşirin Atajanowa,

Türkmenabadyň Agrosenagt orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: