BIZE YAZYARLAR

Ösüşleri ilerleýän pudak

 Türkmenistanyň örän amatly geosyýasy we geoykdysady ýagdaýa, örän köp mukdardaky uglewodorod serişdelerine we beýleki ýerasty baýlyklaryna, üstaşyr geçirmek babatda uly ulag mümkinçiliklerine eýedigi aýdyň hakykatdyr. Geljegi rowaçly we ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan senagat pudaklarynyň biri-de himiýa senagatydyr.

Geçmişe ser salsak, himiýa senagatynyň öz gözbaşyny birnäçe asyr mundan ozalky döwürlerden alyp gaýdýandygyny we geçen asyrda has kämilleşip, biziň döwrümizde güýçli depginler bilen ösýän häzirki zaman senagat pudagydygyny görýäris. Düýpli ylmyň we himiki tehnologiýalaryň okgunly ösmegi bu pudak üçin-de häzirki zaman ösüşiniň giň ýollaryny açýar.

Himiýa senagaty – bu uglewodorod, mineral we beýleki çig maldan himiki usulda gaýtadan işlemek arkaly önüm öndürýän senagat pudagy bolup, ol senagat öwrülişiginiň başlanmagy bilen, aýratyn pudak hökmünde kemala gelip ugraýar. Mysal üçin, kükürt kislotasyny öndürýän ilkinji zawodlar Beýik Britaniýada 1733-nji ýylda, Fransiýada 1766-njy ýylda, Russiýada 1805-nji ýylda, Germaniýada 1810-njy ýylda gurulýar. Dokma we aýna önümçiliginiň artýan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, 1793-nji ýylda Fransiýada, 1823-nji ýylda beýik Britaniýada, 1843-nji ýylda Germaniýada, 1864-nji ýylda  Russiýada kalsinirlenen soda öndürýän ilkinji zawodlar gurulýar. Şonuň ýaly-da, ХIХ asyrda Ýewropada oba hojalygy üçin mineral dökünlerini öndürýän ilkinji zawodlar peýda bolýar.

Häzirki zaman himiýa senagaty dag himiýasy (magdan gazyp almak), esasy himiýa (mineral dökünleriň, organiki däl kislotalaryň we sodanyň önümçiligi) we organiki sinteziň himiýasy ýaly uly pudaklardan ybarat bolup, birnäçe önümçilikleri öz içine alýar. Şolaryň hataryna organiki däl himiýa (ammiak, soda, kükürt kislotasy ýaly önümçilikler), organiki himiýa (akrilonitril, fenol, etilen okisi, kardamid ýaly önümçilikler), keramika (silikat önümçiligi), nebithimiýa (benzol, etilen, stirol ýaly önümçilikler), gazhimiýa, agrohimiýa (mineral dökünleriň, pestisidleriň önümçiligi), polimer önümçiligi (polietilen, bakelit, poliester ýaly önümçilikler),  elastomerleriň önümçiligi (rezin, neorgen, poliuretan ýaly önümçilikler), partlaýjy maddalaryň önümçiligi (nitrogliserin,  ammoniý nitraty, nitrosellýuloza ýaly önümçilikler), farmasewtika (derman serişdeleriniň önümçiligi), parfýumeriýa we kosmetiki serişdeleriň önümçiligi (kumarin, wanilin, kamfora ýaly önümçilikler) girýär.

Ýurdumyzyň himiýa senagaty öz gözbaşyny geçen asyrdan alyp gaýdýar. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan gazylyp alynýan peýdaly ýerasty baýlyklaryň uly gorlaryna eýedir. Bu bolsa himiýa senagaty üçin ýokary amatlykly şertleri döredýär.

Jahan ÝAGMYROWA,

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: