BIZE YAZYARLAR

Dowar süňki we milli oýunlar

Biz ýaşlaryň we çagalaryň arasynda milli mirasymyzy wagyz etmek maksady bilen dürli  çäreleri yzygiderli guraýarys. Şonuň üçin ýaşuly nesliň wekilleri bilen söhbetdeş bolup, ata-babalarymyzyň döreden dessurlary bilen baglanyşykly ýygnan maglumatlarymyz bilen mekdep okuwçylaryny hem tanyşdyrýarys. Maldarçylyk, goýun etiniň durmuşda ulanylyşy baradaky diňlän söhbetimizde hem pederleriň paýhasly ýörelgeleri öz beýanyny tapýar.

Lukmanlaryň güwä geçmegine görä, ýedi hazynanyň biri hasaplanylýan goýnuň et-ýagy mal et-ýaglarynyň arasynda iň güýçlüsi hasap edilýär. Goýnuň guýruk ýagyna taý gelip biljek ýekeje-de mal ýagy ýokdur. Ýöne  onuň et-ýagy berhiz saklaýanlar, ýaşy gaýdyşanlar üçin agyrrak görülýär.

 Dowarlaryň etidir ýagyndan başga derisinde, ýüňünde, süňklerinde-de peýdaly ýokumlar bar. Injik süňküniň Güne ýatyp agaranyna akja süňk diýilýär. Akja süňki gije saýgarmak aňsat bolýar. Onuň bilen baglanyşykly milli oýunlarymyz hem bar. Akja süňki tapan oýunçydan ony alyp bellenilen ýere aşyrmak üçin çagalar öz güýçlerini synap görýärler. Goýnuň kellebaşaýagy süňk kesellerine peýdalydyr. Goýnuň aşyk süňki çagalaryň iň gymmatly baýlygy.

 Çaga, oglan hatyrasy üçin ony ýedi hazynanyň biri saýypdyrlar. Çagany hem altyn aşyga deňeýärler. Aşyga bagyşlanyp aýdylan ganatly sözler, nakyllar az däl. Işi rowaç adama ”Aşygy alçy gopupdyr” diýilýär. Aşyga näçe sarpa goýulsa-da ”Aç hem bolsaň, aşygyň etini iýme, dokam bolsaň topugyň etini goýma” diýipdirler. Aşyk süňk-damarlaryň arasynda ýerleşýär.

Topuk bolsa omaçada etiň-ýagyň ýagyň bol ýerinde ýerleşýär. Goýun, geçi, keýik aşyklarynyň öz atlary bolýar. Aşyk bilen oýnalýan oýunlaryň sany barmak büküp sanardan kändir. Onuň haýsy görnüşi oýnalsa-da, kenege uly ähmiýet berilýär. Ol semiz, uly goýnuň hasa-da goçuň aşygyndan saýlanyp-seçilip alynýar. Kenek aşyk oýnaýan oglan üçin zerur bir zat. Kenegiň oňmasa, utmak mümkinçiligi ýok hasap edilýär. Kenek boljak aşygy uly bejergä sezewar edýärler. Dört tarapyny birneme çalgydaş bilen sürüp, üç-dört ýerini biz bilen deşip, içine gurşun guýulsa, kenek owadan saldamly bolýar.

Sylap Çaryýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Halaç etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň hünärmeni.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: