SPORT WE SYÝAHAT

Dünýäniň iň ýokary hak tölenýän türgenleriniň sanawy

Abraýly “Forbes” neşiri 2021-nji ýylda iň ýokary hak tölenýän 10 türgeniň sanawyny hödürledi. Bu barada sport24.ru habar berýär.

Garyşyk başa-baş göreşiň irlandiýaly söweşijisi Konor Makgregor bu sanawda ilkinji gezek lider boldy. Forbes-iň maglumatlary boýunça, iki agram kategoriýasynda UFC-niň ozalky çempiony geçen 12 aýda jemi 180 million dollar gazandy (şolardan 22 milliony gönüden-göni sportda). Girdejiniň ep-esli bölegi hususy Proper No.Twelve wiski brendiniň gözegçilik paýnamalarynyň satuwyndan geldi. Makgregor munuň üçin 150 mln dollar aldy. Ýene 8 mln dollary ol mahabat şertnamalaryndan gazandy. Mundan öň Makgregor Forbes reýtingine diňe bir gezek girizilipdi. Ol ilkinji onluga 2018-nji ýylda girdi, şonda türgeniň girdejisi 99 mln dollar bilen bahalandyryldy.
Sanawyň ikinji ornunda 130 mln dollar gazanan (şolardan 97 million dollary aýlygy) “Barselonanyň” argentinaly hüjümçisi Lionel Messi ýerleşdi. Üçlügi “Ýuwentusyň” portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu jemleýär. Ronaldu 120 mln dollar gazandy, şolardan 70 million dollary aýlyk hakydyr.

Ýylyň iň ýokary hak tölenýän türgenleriniň 10-lugy şeýle görnüşde:

1. Konor Makgregor (MMA) – $180 mln;
2. Lionel Messi (“Barselona”, futbol) – $130 mln;
3. Kriştianu Ronaldu (“Ýuwentus”, futbol) – $120 mln;
4. Dak Preskott (“Dallas Kowboýs”, amerikan futboly) – $100 mln-dan gowrak;
5. Lebron Jeýms (“Los-Anjeles Leýkers”, basketbol) – $96,5 mln;
6. Neýmar (“PSŽ”, futbol) – $95 mln;
7. Rojer Federer (tennis) – $90 mln;
8. Lýuis Hemilton (“Mersedes”, Formula-1) – $82 mln;
9. Tom Bredi (“Tampa-Beý Bakkanirs”, amerikan futboly) – $76 mln;
10. Kewin Dýurant (“Bruklin Nets”, basketbol) – $75 mln.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply