MILLI BAÝRAMÇYLYKLARTÜRKMENISTAN HABARLARY

Şu gün Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni bellenilýär

Şu gün Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni bellenilýär. Bu sene mynasybetli baýramçylyk çäreleri guralýar.
Türkmenistanyň Döwlet baýdagy 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda döredildi we şol ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Baş Kanuny kabul edildi.
Türkmenistanyň Döwlet Baýdagy döwletiň mizemezliginiň, halkyň jebisligini alamatydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň Esasy kanunydyr. Onda döwleti we jemgyýeti dolandyrmagyň kanuny esaslary goýlandyr.
Türkmenistanyň Esasy kanunynyň maddalary adam hukuklaryny goramaga gönükdirilendir, döwleti we jemgyýeti dolandyrmakda demokratiki ýörelgeler esaslanandyr, şonuň ýaly-da, ösüşiň täze belentliklerine çykmaklyga gönükdirilendir. Kabul edileninden bäri oňa ýurduň ykdysady we syýasy ösüşiniň her döwrüniň talaplaryna laýyk üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. 2016-njy ýylyp 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi, 2020-nji ýylyň 25 sentýabrynda bolsa «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanun kabul edildi. Bu ykdysady we syýasy özgertmeleriň täze tapgryna badalga berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply