SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenistanyň ýygyndysynyň yklym ýaryşyndaky bäsdeşleri belli boldy

2023-nji ýylda Hytaýda geçiriljek futbol boýunça Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň üçünji saýlama tapgyry üçin çekilen bijelerde Türkmenistanyň milli ýygyndysy Bahreýniň, Malaýziýanyň we Bangladeşiň ýygyndylary bilen «E» toparçany emele getirdi.

Toparçanyň duşuşyklary Malaýziýada geçiriler. Bije çekiliş dabarasy onlaýn görnüşde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde — Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň merkezi edarasynda geçirildi. Onuň netijeleri boýunça jemi 6 toparçanyň düzülendigini hem aýtmak gerek. Olaryň ýeňijileri we toparçalarda 2-nji orny eýelän ýygyndylaryň iň gowy bäşisi — jemi 11 ýygyndy «Aziýanyň kubogy — 2023»-iň final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar. Duşuşyklar şu ýylyň 8, 11 we 14-nji iýuny günlerinde merkezleşdirilen görnüşde geçiriler.

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy ilkinji duşuşygyny 8-nji iýunda Malaýziýanyň, ikinjisini 11-nji iýunda Bangladeşiň, üçünji duşuşygyny bolsa 14-nji iýunda Bahreýniň ýygyndysy bilen geçirer. Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň final tapgyryna geljek ýylyň 16-njy iýunynda badalga berler. Ol Hytaýyň Pekin, Týanszin, Şanhaý, Çunsin, Çendu, Sian, Dalýan, Sindao, Sýamyn we Suçžou şäherlerinde geçiriler.

Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: