Yssyda tromb döremeginiň öňüni nädip almaly?
Ýürek-damar hirurgy Wladimir Horoşew RT-ä beren interwýusynda bu barada özüniň maslahatyny berdi, diýip «Российская газета» ýazýar. Ol ýaşy 40-dan geçen adamlaryň aortanyň (esasy gan damarynyň), koronar (ýüregi iýmitlendirýän damar) we beýleki damarlaryň zaýalanmagyna getirýän ýagdaýlaryň ýüze çykýandygyny duýdurdy. Yssyda bolsa bu ähtimallyk hasam artýar.
Ol ganyň goýulaşmagynyň öňüni almak üçin yssyda ýeterlik derejede suwuklyk içmegi maslahat berdi. Iň gowusy, şire ýa-da gazly suwlary däl-de, arassa suw içmeli. Lukman oňa derek ýuwan demlenen sowuk çaý içse hem bolýandygyny aýtdy. Daşardaky howa 25 gradusdan ýokary bolsa, günde azyndan 2,5 litr suw içmeli.