YKDYSADYÝET

«Döwletabat-3» hem-de «Döwletabat-2A» gazy gysyjy desgalarynda düýpli abatlamak işleri geçiriler

«Döwletabat-3» hem-de «Döwletabat-2A» gaz gysyjy desgalarynda ornaşdyrylan gaz generatorlaryny zawod şertlerinde düýpli abatlamak işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar. 25 noýabrda geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmengaz» döwlet konserniniň gaz generatorlaryny düýpli abatlamak barada şertnama baglaşmagy hakynda» Karara gol çekdi.

Munuň özi «Döwletabat» gaz käninden çykarylýan tebigy gazy içerki sarp edijilere hem-de daşarky bazarlara bökdençsiz we ygtybarly ibermäge ýardam eder.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: