YKDYSADYÝET

Mary etrabynda Tehniki uglerod öndürýän zawod ulanylmaga tabşyryldy

 Mary etrabynda ýyllyk kuwwatlylygy 3 müň tonna tehniki uglerod öndürmäge niýetlenen zawod açylyp ulanmaga berildi, diýip, «Türkmenistan. Altyn asyr» habar berýär.

Täze kärhanany gurmak boýunça taslamany «Eziz dag» hojalyk jemgyýeti amala aşyrdy.

Umumy meýdany 9,9 gektara barabar bolan kärhana häzirki zaman enjamlary we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edildi. Onuň düzümine önümçilik toplumyndan başga-da, edara binasy, ammar, birnäçe ugurdaş inženerçilik-tehniki desgalar girýär. Şeýle hem senagat desgasynyň işiniň doly üpjün edilmegi üçin hemme zerur ulgamlar, şol sanda gaz, elektrik, suw üpjünçilik ulgamlary we beýlekiler göz öňünde tutuldy.

Täze zawodyň ulanmaga tabşyrylmagy ýurdumyzda uglerodyň çykarylyşyny artdyrmaga, netijede bolsa onuň eksportynyň mukdaryny köpeltmäge mümkinçilik berer.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: