SYÝASAT

Prezidenti Lebap welaýatynyň iki etrapyny ýatyrmak barada Karara gol çekdi

 Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Lebap welaýatynyň Farap we Döwletli etrap häkimlikleri ýatyryldy.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetine Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri girizmek tabşyryldy.

Lebap welaýatynyň häkimligi Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaga we Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.

Ozal bu iki etrap Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda» Karary bilen ýatyrylypdy. Onda Farap etrabynyň dolandyryş çäginiň ýerlerini hem-de dolandyryş-çäk birliklerini Çärjew etrabynyň düzümine, Döwletli etrabynyň çäginiň ýerlerini we dolandyryş birliklerini Hojambaz we Köýtendag etraplaryna geçirmeli diýlip bellenilipdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: