YKDYSADYÝET

Türkmenistanda öndürilen harytlar eksport edilýär

Lebap welaýatynyň telekeçileri ýylyň başyndan bäri 5 million 554 müň manatlykdan gowrak önümi daşary ýurtlara iberdiler. Gyzyl pulda onuň möçberi ABŞ-niň 1 million 587 müň dollaryna ýakyndyr.

Türkmenistanda öndürilen harytlary Özbegistanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Hytaýyň, Dubaýyň, Belarussiýanyň we Azerbaýjanyň işewürleri satyn aldylar. Izogamm, suwuk bitum mastikasy, senagat garyndy suwuklygy, akkumulýatorlar, mebel görnüşli geýimlik nah pagta, nah mata pamygy, polipropilen haltalar, plasmassa asgyçlar we çig ýag turşulygy eksporta ugradylan harytlaryň sanawyny düzýär.

Lebaply telekeçileriň eksporta iberýän önümleriň seljermesi «Mizemez gadam», «Türkmen ojagy», «Çelek», «Gaýrat», «Geljege rowan» hususy kärhanalarynyň, «Kökçi», «Altyn saraý» hojalyk jemgyýetleriniň daşary ýurt bazarlarynda ymykly orun alandyklaryny görkezýär. Şu ýyldan bu sanawa «Döwrebap iş» hususy kärhanasy hem girdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: