YKDYSADYÝET

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça görkezijiler artýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 5-nji marta geçirilen mejlisinde habar berlişi ýaly, oba hojalyk toplumyna degişli ministrlik we pudaklaýyn dolandyryş edaralary boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depgininiň 110,7 göterime deň bolandygy bellenildi.

Bu baradaky görkeziji Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 111,1 göterim, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 105,1 göterim hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 103,5 göterim boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 102 göterim ýerine ýetirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: