JEMGYÝET

Daşoguz welaýatynda saz biliminiň häzirki zaman ýörelgelerine bagyşlanan maslahat geçirildi

Lebabyň ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen «Döwrebap bilimleri özleşdirmekde ölçegiň, metriň we ritmiň ähmiýeti» atly ýurdumyzyň ýörite sungat mekdepleriniň okuw-usulyýet maslahatyna gatnaşdylar.

Maslahatda saz biliminiň häzirki zaman ýörelgeleri, sazçylyk mekdepleriniň okuwçylarynyň ýerine ýetirijilik ussatlygyny kämilleşdirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy, saz ugrundan okatmakda kär ussatlygynyň tejribesi alşyldy.

Oňa gatnaşyjylar Daşoguz welaýatynyň M.Garlyýew adyndaky ýöriteleşdirilen sungat mekdebiniň mugallymlarynyň guran açyk sapaklarynda boldular. Muzeýde guralan sergide Türkmenistanyň köpugurly saz sungatyny ösdürmegiň taryhyna, onuň häzirki döwrüne bagyşlanan gymmatlyklar görkezildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: