TÜRKMENISTAN HABARLARY

Farapda öndürilen haltalar dünýä bazaryna ugradylýar

Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň çäginde hereket edýän «Rysgally gap» hususy kärhanasynyň önüminiň 30%-i içerki bazarda ýerlenilýär, galanlary bolsa daşary ýurtlara iberilýär.
2019-njy ýylyň tomsunda esaslandyrylan, 2020-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda hem önümçilige girişilen «Rysgally gap» hususy kärhanasy polietilen haltalary öndürýär. Onuň önümhanasynda häzir döwrebap enjamlaryň 6-sy işledilýär. Olaryň umumy kuwwatlylygy her aýda 300 müňe çenli halta öndürmäge mümkinçilik berýär. Häzir bu ýerde öndürilen haltalar, esasan, Russiýa Federasiýasyna we Gazagystana eksport edilýär. «Rysgally gabyň» önümlerine Owganystan, Ukraina, Belarus ýaly ýurtlarda hem isleg bildirýärler.
Önümçilik üçin Farap etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginde ozal traktor garažy hökmünde ulanylan bina saýlanyp alyndy. Hususy kärhana tarapyndan düýpli abatlanylandan soň bu ýerde Hytaý Halk Respublikasyndan getirilen döwrebap enjamlar ornaşdyryldy. Häzir kärhanada 25-e golaý adam zähmet çekýär. Ýakyn geljekde olaryň sanynyň 40-a ýetirilmegine garaşylýar.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply