YKDYSADYÝET

«Dorožnoýe stroitelstwo «Altkom» JÇJ Garabogaz köl aýlagynyň üstünden awtomobil köprüsini gurar

Ukrainanyň «Dorožnoýe stroitelstwo «Altkom» jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti Garabogaz köl aýlagynyň üstünden awtomobil köprüsini gurar. Türkmenistanyň Prezidenti özüniň Karary bilen Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligine bu jemgyýet bilen şertnama baglaşmaga rugsat berdi.

Gurluşyk işlerine şu ýylyň iýul aýynda başlanar. Iki sany hereket zolagyndan ybarat bolan köprüniň we onuň eltiji ýollarynyň gurluşygyny 2024-nji ýylyň iýun aýynda tamamlamak göz öňünde tutulýar. Onuň işe girizilmegi «Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedi« ýoly boýunça ýükleri we ýolagçylary daşamagyň häzirki zaman ulgamyny kemala getirer.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: