YKDYSADYÝET

Türkmenistanda durnukly ösüş depgini saklanýar

Türkmenistanda geçen bäş aýda, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirlende, jemi öndürilen önümiň möçberi 11,5 göterim ýokarlandy. Geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 10,6 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 41,8 göterim artdy.

Ýanwar-maý aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 104,6 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa, 98,3 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet býujetiniň serişdeleriniň 80,4 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi.

Bu barada hökümetiň Başlygynyň orunbasary M.Muhammedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlsinde Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: