SPORT WE SYÝAHAT

Kerkili türgenler görkezme çykyşlary guradylar  

Kerki etrabynyň 1-nji sport mekdebinde «Ýörelgämiz — sagdynlyk» ady bilen karate bilen meşgullanýan oglanlaryň görkezme çykyşy guraldy.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap geňeşiniň bu sport mekdebi bilen ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we olaryň sporta bolan höwesini artdyrmak maksady bilen guran çäresine orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar. Onuň dowamynda ýaş türgenler gündogaryň söweş sungatynyň birnäçe katalaryny görkezdiler. Çärä gatnaşyjylara sportuň bu görnüşiniň adamda erki, maksada okgunlylygy, tutanýerliligi terbiýelemekdäki ähmiýeti, ondaky hereketleriň ynsan saglygy üçin peýdasy barada gürrüň berdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: