JEMGYÝET

Halaçdaky konsert Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlandy

Şu günler Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Halaç etrap medeniýet bölümi tarapyndan etrabyň obadyr şäherçelerindäki medeniýet öýlerinde tanymal estrada aýdymçylarynyň şüweleňli konsertleri guralýar, diýip «Türkmen gündogary» gazeti habar ýazýar.

Etrap merkezindäki medeniýet öýünde guralan medeni-köpçülikleýin çärä hem sungat muşdaklary uly höwes bilen gatnaşdylar. Onda estrada aýdymçylary ata Watanymyzda gazanylýan üstünlikleri, ajaýyp zamanamyzy, maşgala mukaddesligini wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirdiler. Etrabyň «Lebap gülleri» tans toparynyň agzalary täze döreden göçgünli tanslary bilen çykyş etdiler. «Akdere» folklor toparynyň taýýarlan çykyşlarynda bolsa gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan milli mirasymyz, asylly däp-dessurlarymyz çeper beýan edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: