YKDYSADYÝET

Lebapda pile borçnamasy amal edildi

Ýeňiş gününiň bellenilýän günlerinde Lebap welaýatynyň ýüpekçileri hem uly zähmet ýeňşini gazandylar. Olar Watan harmanyna pile tabşyrmak baradaky borçnamany abraý bilen berjaý etdiler. Häzir harmana üýşen Lebap pilesi 1010 tonna derek 1060 tonnadan hem geçdi.

Şu ýyl gurçuk idedip, pile ýetişdirmek işine welaýatyň ýüpekçileriniň 21 müňden gowragy gatnaşdy. Möwsümiň başlan günlerinde olary işe has höweslendirmek maksady bilen, welaýat häkimligi, syýasy partiýalaryň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň ýerli edaralary tarapyndan «Ussat ýüpekçi» atly zähmet bäsleşigi yglan edildi.

Eýýäm şu aýyň başynda Kerki we Hojambaz etrabynyň ýüpekçileri diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş ýurtda-da ilkinjileriň hatarynda şertnamalaýyn borçnamasyny amal etdiler. Soňra bu etraplaryň göreldesine gündogar sebitiň beýleki etraplarynyň ýüpekçileri hem eýerip, birme-bir arzyly pellä ýetdiler. Eger şu ýylda Kerki etrabynyň ýüpekçileri kümüş çäje 85 tonna pile tabşyran bolsa, Hojambaz etrabynda 100, Dänew etrabynda 140, Saýat etrabynda 185 tonnadan geçirip pile alyndy. Çärjew etrabynyň ýüpekçileri bolsa tutuş welaýat boýunça iň ýokary netijäni gazanyp, harmana tabşyrylan piläni 261 tonnadan hem geçirdiler. Welaýatda hasyly ýygnamak işi dowam edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: