YKDYSADYÝET

Ahally telekeçi mebel önümçiligini ýola goýmakçy

Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän kärhanada öndürilýän «Täsin älem» söwda nyşanly mebel önümlerine isleg barha artýar. Bu barada «Ahal durmuşy» gazeti habar berýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Perhat Babaýewe degişli bolan bu önümçilik toplumynda ýatylýan otaglaryň krowatlaryna niýetlenen dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply dürli görnüşdäki we ölçegdäki düşekdir ýassyklaryň önümçiligi üstünlikli ýola goýlandyr. Bu düşekler ýumşaklygy, ýatmaga ýakymlylygy we rahatlygy bilen içerki bazarda uly islegden peýdalanýar. Önümçilik işinde buýrujylaryň ösen islegleriniň göz öňüne tutulmagy bolsa, önümleriň görnüşleriniň artmagyna itergi berýär. Sargytlar esasynda öndürilýän düşekdir ýassyklar diňe bir biçüw aýratynlygy bilen tapawutlanman, reňk öwüşginleri we döwrebap şekilleri bilen hem ünsi çekýär. Kärhanada geljekde mebelleriňdir gurnamalaryň täze görnüşleriniň, şeýle-de ýumşak oturgyçlaryň önümçiligini ýola goýmak göz öňüne tutulýar. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: