JEMGYÝET

Döredijilik işgärleriniň sergisi öz  işine başlady

Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň sergi jaýynda Mary welaýatynyň suratkeşleriniň döredijilik sergisi açyldy.

Sergä 40-dan gowrak suratkeşlerdir heýkeltaraşlar özleriniň 150-ä golaý işleri bilen gatnaşýarlar. Onda Mary welaýatynyň suratkeşleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň suratkeşler birleşigine şu ýyl agza bolan ýaşlar we beýleki suratkeşler öz sungat eserlerini sergileýärler. Ol ýerde portret, tebigatyň gözelligini wasp edýän peýzaž, taryhy işleri, şeýle-de dürli pelsepewi garaýyşlary beýan edýän surat eserlerini görmek bolýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: