JEMGYÝET

Etrabyň oba zähmetkeşleri höweslendirilýär

Şu günler Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kerki etrap komitetiniň işgärleri daýhan birleşiklerde oba zähmetkeşleriniň arasynda bolup, dürli höweslendiriş çärelerini we duşuşyklary guraýarlar.

Şeýle çäreler eýýäm «Azatlyk», «Gyzylaýak», «Hatap», Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiklerinde, Kerki pagta arassalaýjy we etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda geçirildi. Duşuşyklarda öňdebaryjy kärendeçilere, işjeň sürüjilere, ýüwrük elli ýygymçylara partiýanyň etrap komiteti tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşurylýar. Şeýle hem TAP-nyň Kerki etrap komitetiniň işjeňleri şu günler köpçülikleýin alnyp barylýan meýdan işlerde günorta çaý wagtynda dürli aýdym-sazly dynç alyş çärelerini hem guraýarlar. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: