JEMGYÝET

Türkmenabat — Mary gara ýolunyň ugrundaky ýol belgileri täzelendi

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň öňüsyrasynda Çärjew etrabynyň çägindäki gatnawly ýollaryň çyzgytlary täzelenilip, ýol belgileriniň üsti ýetirildi.

Esasan hem Türkmenabat — Mary awtomobil ýolunyň ugrunda ýol belgileriniň we çyzgytlarynyň täzelenilendigini aýtmak gerek. Her gün ýeňil we ýük ulaglarynyň ýüzlerçesi üçin esasy gatnaw ugry bolup hyzmat edýän bu ýoluň ugrunda howpsuzlygy gazanmak maksady bilen, ýol gözegçileri gije-gündizleýin nobatçylyklary hem alyp barýarlar. Hususan-da, ýol gözegçileri tarapyndan ýoluň Garagum sährasynyň jümmüşinden geçýän böleklerinde sürüjileriň ulagyny seresap dolandyrmaklaryna gözegçilik edilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: