JEMGYÝET

Türkmen halylary Awstriýada auksiona çykarylar

1-nji oktýabrda ХVIII — ХIХ asyrlara degişli türkmen haly önümleri «Fine Antique Oriental Rugs XXX» Awstriýa auksion kompaniýasynyň ýörite mejlisine çykarylar diýip, «ORIENT news» habar berýär.

Gündogar halylarynyň toplumynda ussat türkmen gelin-gyzlarynyň haly önümleri esasy orunda durýar. Olar diňe halylar däl-de, haly önümleri, adaty türkmen durmuşynda ulanylan esbaplar — torbalar, duwallar, çuwallar, asmalyklar, gapylyklar we eňsilerdir.

Türkmen aýal-gyzlarynyň öýlerinde elde dokan önümleriniň ajaýyp nusgalarynyň iň irkisiniň senesi ХVIII asyryň ikinji ýarymyna, soňrakysy bolsa ХIХ asyryň birinji ýarymyna degişlidir, olar ölçegine, tehnikasyna we ýaşyna görä, 20 müň ýewrodan 120 müň ýewro çenli aralykda bahalandyrylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: