BILIM

Mekdep mugallymlary üçin täze usuly gollanmalar

BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan mekdep mugallymlaryna täze usuly gollanmalaryň 5-siniň 8 müňden gowrak nusgasy gowşuryldy. Bu gollanmalar başlangyç we orta bilim boýunça okadylýan tebigaty öwreniş, ekologiýa, geografiýa, ýaşaýyş-durmuş esaslary, zähmet ýaly dersleriň 5-sini goşmak arkaly howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak meselesini öwretmegiň amaly esaslaryny ýeňilleşdirmäge niýetlenendir.

ÝUNISEF tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerine ýaýratmak üçin berlen täze usuly gollanmalaryň öz ugry boýunça Merkezi Aziýada ilkinji gollanmalardygyny aýratyn nygtamak gerek. Gollanmalar halkara derejedäki iň gowy tejribeleri özünde jemlemek bilen, mekdep okuwçylarydyr ýetginjekleriň howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, tebigy betbagtçylyklaryň täsirini peseltmek babatda bilimdir başarnyklaryny giňeltmäge mümkinçilik berer.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: