Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna täze prezident saýlanyldy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň karary bilen Allaberdi Aşyrow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti wezipesine saýlanyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öznüň Karary bilen bu karary tassyklady we Permany bilen ony başga işe geçenligi sebäpli Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory wezipesinden boşatdy.

Ozal bu wezipäni eýelän Sapardurdy Toýlyýew Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň karary bilen wezipesinden boşadyldy. Bu karary hem Türkmenistanyň Prezidenti özüniň Karary bilen tassyklady.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector