BILIM

Türkmen talyplary halkara olimpiadadan 20 medal bilen dolandylar

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bu uly üstünlige Polşa Respublikasynyň Katowiçe şäherinde geçirilen matematika dersi boýunça geçirilen halkara olimpiadada mynasyp boldular. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary olimpiadada medallaryň 20-sine eýe bolmagy başardylar. Şahsy görnüşde geçirilen bäsleşikde 16 medal gazanylyp, olaryň 7-si altyn, 6-sy kümüş, 3-si bolsa bürünç medallardyr. Şonuň ýaly-da, türkmenistanly talyplar toparlaýyn bäsleşikde 4 medala, ýagny 1 kümüş we 3 bürünç medala mynasyp boldular.

Olimpiada Türkmenistanyň, Awstriýanyň, Germaniýanyň, Polşanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Belarus Respublikasynyň, Slowakiýanyň, Wengriýanyň, Şweýsariýanyň, Ukrainanyň we Malaýziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň 35-sinden jemi 180 talyp gatnaşdy. Oňa Türkmenistandan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Döwlet energetika institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary wekilçilik etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: