JEMGYÝET

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýolagçy otly peteklerini täzelenen mobil goşundydan satyn almagy teklip edýär

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýolagçy otly gatnawlaryna petekleri onlaýn satyn almak üçin goşmaçalar girizilen we üsti ýetirilen täze mobil goşundysyny hödürleýär. Ony «Play Market» mobil goşundylar platformasyndan, şeýle hem railway.gov.tm web-saýtynyň üsti bilen ykjam telefonlara ýükläp alyp bolar.

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň saýtynda täzelenen «Railway» mobil goşundysynyň iň täze we köne Android ulgamly enjamlarda ýeňil işleýändigi habar berilýär. Şonuň ýaly-da, ýakyn wagtda mobil goşundysynyň iOS ulgamly maglumat enjamlary üçin niýetlenen täze görnüşi hem işe giriziljekdigi hem aýdylýar.

Mobil goşundysy arkaly ýolagçy otly gatnawlaryna petekleri onlaýn usulda 15 gün öňünden satyn alyp bolýandygy hem ýolagçylaryň dykgatyna ýetirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: