Lebap welaýatynyň ýaşaýjylaryny Täze ýyl baýramy bilen gutlamak üçin Köýtendagyň belentliklerinden gelen Aýaz baba bilen Garpamyk ýolugruna welaýatda täze açylan binalaryň birnäçesine bardy.
Şadyýan baýramyň baş gahrymanlary Çärjew etrabyndaky 63-nji orta mekdebe baranda, olary köp sanly myhmanlar bilen bilelikde «Jeýhun.news»-yň döredijilik topary hem garşylady. Aýaz baba we Garpamyk bu ýerde çagalar bilen bilelikde baýramçylyk arçasynyň daşyndan aýlanyp, şadyýan aýdymlara tans etdi. Aýdymlary çagalar ýerine ýetirdiler.
Soňra baýramçylygyň baş gahrymanlary öz dostlary bilen mekdep de döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdylar. Şeýle hem olar okuw sapaklarynyň birine gatnaşdylar.
Çärjew etrabyndaky 63-nji orta mekdep Zerger geňeşliginiň çäginde şu ýylyň 1-nji sentýabrynda açylyp, ulanylmaga berildi. Ol 600 okuwça niýetlenendir.



