Geçen hepdede TDHÇB-niň söwdalarynda 24 million dollara golaý söwda edildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri suwuklandyrylan gazy we tehniki kükürdi satyn aldylar. Bulardan başga-da, Azerbaýjanyň telekeçileri daşary ýurt puluna nah ýüplük satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 24 million dollaryna golaý boldy.

Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri jemi bahasy 12 million manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector